HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynda IT-hünärmeni boş iş orny açyk diýlip yglan edildi

Awgust 18, 2025 | 17:15 |8660
«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky wezipä işe kabul etmek üçin degişli talaplara laýyk gelýän tejribeli dalaşgärleri çagyrýar.«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky wezipä işe kabul etmek üçin degişli talaplara laýyk gelýän tejribeli dalaşgärleri çagyrýar.
Çeşme: bizasean.com

«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky wezipä işe kabul etmek üçin degişli talaplara laýyk gelýän tejribeli dalaşgärleri çagyrýar.

Wezipe: hünärmen (IT hyzmatlaryny meýilleşdirmek we ösdürmek)

Iş ýeri: Aşgabat şäheri

Bildirilýän talaplar: ähli dalaşgärler aşakdaky barada doly maglumatlary we degişli resminamalary tabşyrmaly:

Bilim: inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, kompýuter ylymlary boýunça ýokary bilim ýa-da şoňa deň derejeli bilim.

Iş tejribesi: degişli ugurda azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly; iri nebitgaz kompaniýalarynda IT taslamalaryny dolandyrmak, býujetleri we meýilnamalary işläp düzmek hem-de olara gözegçilik etmek, çykdajylara gözegçilik çärelerini ornaşdyrmak we yzarlamak, gepleşikleri geçirmek we şertnamalary dolandyrmak, hyzmatlary netijeli üpjün etmek ýaly başarnyklary bolmaly.

Diller: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin geplemek we ýazmak.

Başarnyklar: MS Office programmalaryny (MS Teams, MS Word, MS Excel, MS PowerPoint) bilmek.

Anketalary «PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan alyp bilersiňiz. Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., S.Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B blok).

Doldurylan anketalar «PC(T)SB» kompaniýasyna tabşyrylmaly ýa-da elektron poçta arkaly recruitment.tm@petronas.com.my salgysyna, bildiriş çap edilen gününden başlap 2 hepdäniň dowamynda ugradylyp bilner. Anketada dalaşgäriň ady, familiýasy, atasynyň ady we elektron poçta arkaly iberýän hatyňyzda dalaş edýän wezipäňizi görkezmeli. Diňe kompaniýanyň talaplaryna laýyk gelýän tejribeli dalaşgärler saýlanyp, söhbetdeşlige çagyrylar.

Bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026