HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«PETRONAS Carigali» kompaniýasy Türkmenistanda açyk iş orny barada yglan etdi

Awgust 16, 2025 | 12:45 |11497
«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Türkmenbaşy şäheriniň Gyýanly obasyndaky iş ýerine amallary kämilleşdiriş boýunça hünärmen wezipesini açyk diýip yglan etdi.«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Türkmenbaşy şäheriniň Gyýanly obasyndaky iş ýerine amallary kämilleşdiriş boýunça hünärmen wezipesini açyk diýip yglan etdi.
Çeşme: orient.tm

«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Türkmenbaşy şäheriniň Gyýanly obasyndaky iş ýerine amallary kämilleşdiriş boýunça hünärmen wezipesini açyk diýip yglan etdi.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, dalaşgärler döwlet dolandyryşy, iş dolandyryşy, hukuk, syýasy ylymlary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary ýa-da şoňa deň gelýän ugur boýunça ýokary bilime eýe bolmaly.

Şeýle hem, dalaşgärleriň degişli ugurdan azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmagy, şol sanda nebitgaz pudagynda gyzyklanýan taraplar bilen aragatnaşyklary dolandyrmak babatynda tejribe toplandygy hökmany şert bolup durýar.

Dalaşgärleriň türkmen, rus we iňlis dillerini erkin bilmekleri we MS Office programmalaryny (Teams, Word, Excel, PowerPoint) ussatlyk bilen ulanmaklary zerurdyr.

Anketalary kompaniýanyň Aşgabatdaky edara binasynda alyp bolýar. Salgy: Aşgabat ş., Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B blok). Doldurylan anketalar edarada ýa-da elektron poçta arkaly recruitment.tm@petronas.com.my salgysyna bildiriş çap edilen gününden başlap iki hepdäniň dowamynda tabşyrylyp bilner. Hatda dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady we haýsy wezipä anketa tabşyrýandygy görkezilmelidir.

Kompaniýa gürrüňdeşlige diňe görkezilen talaplara doly laýyk gelýän dalaşgärleriň çagyryljakdygyny belleýär. Bu bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026