HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bitkoin $123 500-den geçip, taryhy rekordyny täzeledi

Awgust 16, 2025 | 17:30 |7514
14-nji awgust gijesi bitkoin täze taryhy rekordyny goýup, $123 500 derejesine çykdy. Şeýlelikde, baş kriptowalýutasy 14-nji iýulda — hut bir aý ozal goýlan öňki rekordyny täzeledi14-nji awgust gijesi bitkoin täze taryhy rekordyny goýup, $123 500 derejesine çykdy. Şeýlelikde, baş kriptowalýutasy 14-nji iýulda — hut bir aý ozal goýlan öňki rekordyny täzeledi
Çeşme: binance.com

14-nji awgust gijesi bitkoin täze taryhy rekordyny goýup, $123 500 derejesine çykdy. Şeýlelikde, baş kriptowalýutasy 14-nji iýulda — hut bir aý ozal goýlan öňki rekordyny täzeledi. Häzirki wagtda bitkoiniň bazar maýalaşdyrylyşy $2,5 trln, efiriumyňky bolsa - $575 mlrd deň. Olar bilelikde umumy kriptowalýuta bazarynyň takmynan 70%-ini eýeleýärler.

Bilermenleriň pikiriçe, ösüş birnäçe esasy faktora baglydyr. DYOR barlag platformasynyň baş direktory Ben Kurland, bazaryň oňyn ösüşini «maýa dolandyryjylarynyň isleginiň kämilleşmegi» bilen düşündirýär we bu ýagdaýyň ownuk maýa goýujylaryň duýgylaryna däl-de, has durnukly islege baglydygyny belleýär.

Ergonia kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Kris Nýuhaus bolsa, ösüşe aşakdaky ýagdaýlaryň hem ýardam edýändigini aýdýar:

• inflýasiýanyň peselmegi;

• göterim haklarynyň peselmegine garaşylmagy;

• iri institusional maýadarlaryň ETF arkaly taryhda görlüp-eşidilmedik derejede gatnaşmagy.

Umuman, bilermenleriň belleýşi ýaly, kriptowalýutalaryň paýnamalar bilen oňyn arabaglanyşy hem olaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026