HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Türkiýäniň iň iri innowasiýa forumyna çagyrylýar

Awgust 15, 2025 | 14:30 |5840
Stambul 9–11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Türkiýäniň 12-nji Innowasiýa Hepdeligine taýýarlyk görýär.Stambul 9–11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Türkiýäniň 12-nji Innowasiýa Hepdeligine taýýarlyk görýär.
Çeşme: orient.tm

Stambul 9–11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Türkiýäniň 12-nji Innowasiýa Hepdeligine taýýarlyk görýär. Çäre dürli ýurtlardan oýlap tapyjylary, telekeçileri we bilermenleri bir ýere jemlär.

Çagyrylan gatnaşyjylaryň arasynda türkmenistanly wekiller hem bar. Olara öz işläp taýýarlan taslamalaryny hödürlemek, tejribe alyşmak we halkara derejede işewür aragatnaşyklary gurmak mümkinçiligi berler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasyndaky Söwda Geňeşi habar berýär.

Forumyň çäklerinde startaplaryň tanyşdyrylyşlary, maýadarlar bilen duşuşyklar, tehnologiýalaryň geljegi boýunça pikir alyşmalar hem-de ertiriň keşbini döredýän iň täze çözgütleriň görkezilişleri geçiriler.

Çäre Türkiýäniň Söwda ministrliginiň we Eksportçylar Assambleýasynyň goldawy bilen guralyp, dürli ýurtlardan pikir liderlerini, maýadarlary we işläp düzüjileri bir ýere jemlär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026
Botswananyň Prezidenti BMG-niň Afrikany kartalarda has dogry görkezmek baradaky başlangyjyny goldady

Botswananyň Prezidenti BMG-niň Afrikany kartalarda has dogry görkezmek baradaky başlangyjyny goldady

13:00 Oktýabr 19, 2026