HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Aziýa infrastruktura maýa goýum bankyna goşulmak üçin çakylyk aldy

Awgust 15, 2025 | 12:28 |6763
Aziýa Infrastruktura Maýa Goýum Banky (AIMGB) Türkmenistana guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy resmi ýagdaýda teklip etdi.Aziýa Infrastruktura Maýa Goýum Banky (AIMGB) Türkmenistana guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy resmi ýagdaýda teklip etdi.
Çeşme: rbc.ru

Aziýa Infrastruktura Maýa Goýum Banky (AIMGB) Türkmenistana guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy resmi ýagdaýda teklip etdi. Karar Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde yglan edildi diýip, Trend habar berýär.

AIMGB-niň agzalygy Türkmenistana dünýäniň iň iri infrastruktura maliýeleşdiriş çeşmeleriniň birine elýeterliligi açar. Bankyň 2016-njy ýyldan bäri amala aşyran amallarynyň möçberi 35 ýurtda 60 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Merkezi Aziýada bolsa bank ulag, energetika we logistika ugurlaryna işjeň maýa goýýar, 2024-nji ýylda bu maýa goýumlaryň möçberi takmynan 2,8 milliard dollara ýetdi.

Guramanyň düzümine goşulmak Türkmenistana uzak möhletli maýa goýumlary çekmäge, maliýeleşdirişde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge gatnaşmaga hem-de Bütindünýä banky we Aziýa Ösüş banky bilen bilelikdäki taslamalaryň gurallaryny ulanmaga mümkinçilik berer.

Bu bolsa ýokary tizlikli demirýollaryň gurluşygyndan we awtoulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagyndan başlap, gün we ýel energetikasyny ösdürmäge çenli iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin şert döreder.

Ykdysatçylar AIMGB-niň taslamalaryna gatnaşmagyň ýurda ýylda 1,5 milliard dollara çenli maýa goýum getirmeginiň mümkindigini, munuň bolsa 2030-njy ýyla çenli nebite dahylsyz önümleriň eksportyny 15–20% artdyrmaga we Türkmenistany sebitiň möhüm ulag-energetika merkezleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berjekdigini çaklaýarlar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026
Botswananyň Prezidenti BMG-niň Afrikany kartalarda has dogry görkezmek baradaky başlangyjyny goldady

Botswananyň Prezidenti BMG-niň Afrikany kartalarda has dogry görkezmek baradaky başlangyjyny goldady

13:00 Oktýabr 19, 2026