HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Femmeli.cosmetics çagalary «Kiçi laborant» atly ussatlyk sapagyna çagyrýar

Awgust 12, 2025 | 16:50 |4626
Femmeli.cosmetics «Kiçi laborant» atly çagalar üçin niýetlenen uly çäre - ussatlyk sapagynyň geçiriljekdigini yglan edýär. Çäre 2025-nji ýylyň 21–23-nji awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde, Kids Expo 2025 sergisiniň çäklerinde geçirilerFemmeli.cosmetics «Kiçi laborant» atly çagalar üçin niýetlenen uly çäre - ussatlyk sapagynyň geçiriljekdigini yglan edýär. Çäre 2025-nji ýylyň 21–23-nji awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde, Kids Expo 2025 sergisiniň çäklerinde geçiriler
Çeşme: femmeli.cosmetics

Femmeli.cosmetics «Kiçi laborant» atly çagalar üçin niýetlenen uly çäre - ussatlyk sapagynyň geçiriljekdigini yglan edýär. Çäre 2025-nji ýylyň 21–23-nji awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde, Kids Expo 2025 sergisiniň çäklerinde geçiriler.

Bu interaktiw meýdançada çagalar özlerini hakyky alymlar hökmünde duýup bilerler. Ak haltajyk geýip, elinde probirkalary bolan çagalar şöhleler, reňkler we yslar bilen synaglar geçirerler. Bilermenleriň ýolbaşçylygynda gatnaşyjylar özlerine degişli üýtgeşik dodak ýalpyldysyny döredip, şahsy ysy ýasap, şeýle hem sagatlary bezäp we ys berip bilerler. Döreden ähli işlerini öýlerine alyp gitmek mümkinçiligi bolar.

Bu ussatlyk sapagy diňe bir gyzykly wagt geçirmäge däl, eýsem çagalaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge, oýnap öwrenmek arkaly kosmetiki önümleriň döredilişiniň esaslary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär.

«Owadanlyk barlaghanasyna» girmek üçin ene-atalar we çagalar sergide Femmeli.cosmetics kompaniýasynyň benewşe öwüşginli stendini tapmaly, ol ýerde olara mähirli ýylgyryşlary bilen gatnaşyjylar we guramaçylar garaşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026