HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan sebitde howa gatnawyny giňeltmek boýunça gepleşiklere gatnaşýar

Awgust 13, 2025 | 10:40 |5856
Astanada Merkezi Aziýa ýurtarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň Ikinji maslahaty geçýär.Astanada Merkezi Aziýa ýurtarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň Ikinji maslahaty geçýär.
Çeşme: inform.kz

Astanada Merkezi Aziýa ýurtarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň Ikinji maslahaty geçýär. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň awiasiýa edaralarynyň, awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň wekilleri bar.

Esasy maslahatlaşmalar awia gatnawyny giňeltmäge, ýolagçy we ýük geçirmeleriniň hilini ýokarlandyrmaga, howa menzillerini döwrebaplaşdyrmaga we uçuşlaryň howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi. Hytaý tarapy bäş sany möhüm teklibi hödürledi. Oňa gümrük düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi, awia ýangyjynyň bahasynyň peseldilmegi we tehniki alyş-çalyşyň ösdürilmegi ýaly wezipeler bar.

Möhüm ulag ugurlarynyň çatrygynda strategiki ýerleşişe eýe bolan Türkmenistan üçin şeýle başlangyçlar goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga, awiasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge hem-de halkara ugurlaryny giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Çäre Ýewraziýanyň bitewi awiasiýa giňişligini döretmäge gönükdirildi. Türkmenistan bolsa şeýle ýagdaýda sebitiň möhüm üstaşyr we syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýetli orun tutýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026