HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar deňzi – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi: Türkmenbaşydaky maslahat

Awgust 12, 2025 | 21:45 |7115
Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, onuň esasy pursady “Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat geçirilmegi boldyTürkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, onuň esasy pursady “Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat geçirilmegi boldy
Çeşme: istock

Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, onuň esasy pursady “Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat geçirilmegi boldy. Maslahatyň moderatory bolup Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow çykyş etdi.

Maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenmesi bilen dabaralandyryldy. Çärä Türkmenistanyň ygtyýarly wekilleri, Aşgabatda akkreditlenen Hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, BMG, ÝHHG, ÝB ýaly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, gatnaşdylar.

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerini, hususan-da Hazar deňziniň suw hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak barada Ylalaşygy ilerletmekde Türkmenistanyň işjeň we konstruktiw ornuny belläp geçdi. Şeýle hem ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren Hazar ekologik başlangyjynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Maslahatda gidrometeorologiýa, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hem-de ekologiki kadalary we düzgünleri berjaý etmek ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hasabatlar diňlenildi. Gatnaşanlar Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri we halkara gurluşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Netijede, Hazar deňziniň dostluk we parahatçylyk deňzidigini bellediler we deňiz gurşawyny durnukly ösdürmek we goramak üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge çagyrdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026