HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Mask Grok 4-niň GPT-5-den öňe geçmegi bilen Grok 4.20 barada yglan etdi

Awgust 12, 2025 | 17:30 |10563
xAI kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask X sosial ulgamynda täze dil modeliniň — Grok 4.20 wersiýasynyň çykandygyny yglan etdixAI kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask X sosial ulgamynda täze dil modeliniň — Grok 4.20 wersiýasynyň çykandygyny yglan etdi
Çeşme: habr.com

xAI kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask X sosial ulgamynda täze dil modeliniň — Grok 4.20 wersiýasynyň çykandygyny yglan etdi. Telekeçi bu modeliň awgust aýynyň ahyryna çenli SimpleBench belliginde birinji orny eýelejekdigine umyt bildirdi. Bu beýanat bir ulanyjynyň häzirki Grok 4 wersiýasynyň täze GPT-5 bilen deňeşdirilende ýokary netijeler görkezendigini belläp geçmeginden soň edildi.

Häzirki wagtda Grok 4, ARC-AGI we ARC-AGI-2 synaglarynda GPT-5-den öňe geçdi, SWE-bench synagynda bolsa iki model hem deň netije görkezýär. Kämilleşdirilen Grok 4 Heavy wersiýasy hem Humanity's Last Exam synagynda GPT-5 Pro-dan az-owlak ýokary netijä eýe boldy.

Grok 4.20 wersiýasy diýlip aýdylýan zatlaryň anyk nämedigi entek belli däl. xAI-nyň resmi ýol kartasynda bu döwre degişli beýleki täzelenmeler — Grok 4 Coder we Grok 4 V2 ýaly taslamalaryň çykmagy meýilleşdirilen, şonuň üçin Maskyň täze at bilen şolaryň birini yglan eden bolmagy mümkin diýip çak edilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026