HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ilkinji gezek altynly Ramon Molvizar atyr brend bilen tanyşdyryldy

Awgust 11, 2025 | 12:25 |40092
Aşgabatda ýokary parfýumeriýa muşdaklary üçin ajaýyp waka boldy – paýtagtda ilkinji gezek dünýä meşhur Ramon Molvizar ispan brendiniň atyrlary tanyşdyryldy.Aşgabatda ýokary parfýumeriýa muşdaklary üçin ajaýyp waka boldy – paýtagtda ilkinji gezek dünýä meşhur Ramon Molvizar ispan brendiniň atyrlary tanyşdyryldy.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda ýokary parfýumeriýa muşdaklary üçin ajaýyp waka boldy – paýtagtda ilkinji gezek dünýä meşhur Ramon Molvizar ispan brendiniň atyrlary tanyşdyryldy. Bu marka öz atyrlarynyň içine hakyky altyn bölekleriniň ýerleşdirmegi bilen tanalýar.

В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

Ramon Molvizar – parfýumeriýa äleminde ajaýyplygyň we inçe nepisligiň nyşanyna öwrülen at. 2001-nji ýylda zehinli parfýumer Ramon Behar tarapyndan döredilen bu brend, Ispaniýanyň Sýerra-Newada dag eteklerindäki owadan Molwisar şäherjiginde döredildi. Döredilişiniň başyndan bäri bu brend parfýumerçilik sungatynyň adaty usullaryny innowasion pikirler bilen utgaşdyryp, ilkinji ysdan başlap haýran galdyrýan atyrlary döredýär.

Bu atyrlaryň esasy aýratynlygy – her flakonyň içinde 23-karatlyk altyn we platina bölekleriniň ýerleşdirilmegidir. Bu gymmatbaha metallar baýlygyň we nepisligiň nyşany bolup, atyr düzümlerine diňe ys taýdan däl, göz üçin hem aýratyn gymmatlyk berýär.

В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

Flakonlaryň bezeginde ussalar Sýerra-Newada daglarynda çykarylýan dag kristalyny ulanýarlar.

В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

Her bir flakon iň oňat ispan ussalary tarapyndan elde ýasalýar, gutylary bolsa seýrek agaç görnüşlerinden taýýarlanylýar. Şeýle iş diňe ussatlygy däl, köp wagty hem talap edýär – Ramon Molvizar parfýumerleriniň bir täze atyr düzüminiň döredilmegine iki ýyldan hem köp wagt gerek bolýar.

В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

Brendiň ähli kompozisiýalary diňe tebigy, seýrek we gymmatbaha maddalardan taýýarlanylýar. Olaryň taýýarlanyş usuly berk gizlin saklanylýar, çykarylýan sany bolsa çäklidir. Her bir atyr üç aýratyn notadan durýar, özboluşly ys yzyny galdyrýar we deride uzak wagtlap saklanyp, sungat eseri ýaly kem-kemden açylýar.

В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

Kolleksiýanyň aýratyn ýerini Royal Molvizar tapgyry eýeleýär – çäksiz söýgä, baýlyga we döredijilige bagyşlanan eserler toplumy. Bu atyrlar, saz simfoniýalaryna meňzeş, aýratyn takyklyk bilen döredilýär we ýatdan çykmajak sungat eserlerine öwrülýär. В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

Brend indi Türkmenistanda В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

«Gül Zemin» söwda merkezindäki dükanyň Ramon Molvizar brendiniň Türkmenistandaky resmi franşizasy bolmagy bilen, indi muşdaklar atyr düzümlerini daşary ýurtdan sargyt etmeli däldirler – «sungat ýaly atyrlary» göni Aşgabatda alyp bolýar. В Туркменистане впервые представили бренд духов с золотом Ramon Molvizar.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026