HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Awgust 06, 2025 | 12:03 |5034
Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Artur Erkeniň ýolbaşçylygyndaky Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň migrasiýa syýasatyny berkitmekde işjeň we konstruktiw pozisiýany eýeleýändigi hem-de ýurdumyzyň düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmäge ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistanyň halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Onuň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň IOM-yň taslamalaryna işjeň gatnaşmagy dowam etdirmäge meýilliligi nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026