HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Estoniýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi

Awgust 06, 2025 | 11:12 |4254
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha berdiler.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha berdiler.
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler we ösüş boýunça orunbasary Mariin Ratnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha berdiler.

Halkara düzümleriň, hususan-da BMG we ÝB-niň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Eston tarapy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini nygtady.

Hususan-da sanlylaşdyrma pudagynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Mundan başga-da, diplomatlar sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we bitarap syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk bellenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026