HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişligi başlandy

Awgust 05, 2025 | 17:53 |8393
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky  ilçihanasy 2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişliginiň başlandygy barada habar berýär.Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky  ilçihanasy 2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişliginiň başlandygy barada habar berýär.
Çeşme: news.itmo.ru

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişliginiň başlandygy barada habar berýär.

Chevening — bu Beýik Britaniýanyň hökümetiniň abraýly halkara talyp hakly maksatnamasy bolup, ol dünýäniň ähli künjeklerinden zehinli geljekki liderlere doly tölenilýän talyp haky mümkinçilikleri hödürleýär. Bu maksatnama Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň birinde bir ýyl möhlet bilen magistr derejesini almak üçin mümkinçilik berýär.

Chevening maksatnanasy boýunça bilim alýanlar ýokary hilli bilimden başga-da, eksklýuziw çärelere, taýýarlyk okuwlaryna gatnaşmak bilen, maksatnamanyň global uçurymlar bilrleşiginiň bir bölegi bolmak ýaly mümkinçiliklere eýe bolýarlar.

Arza bermek barada maglumatlar:

Onlaýn arza: chevening.org/apply

Soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabry, sagat 12:00 (UTC – bütindünýä utgaşdyrylan wagty)

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: ähli dslaşgärler Chevening maksatnamasynyň onlaýn gollanmasynda jikme-jik beýan edilen talaplara laýyk bolmalydyr. Arza bermezden ozal bu gollanma bilen tanyşmak maslahat berilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026