HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awazada deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlar boýunça birinji Raýat jemgyýetiniň forumy geçirildi

Awgust 04, 2025 | 11:50 |4886
Awazada LLDC3 Raýat jemgyýetiniň forumy açyldy. Ol 5-8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çyklagasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilýär.Awazada LLDC3 Raýat jemgyýetiniň forumy açyldy. Ol 5-8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çyklagasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilýär.
Çeşme: orient.tm

Awazada LLDC3 Raýat jemgyýetiniň forumy açyldy. Ol 5-8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çyklagasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilýär.

4-5-nji awgustda geçiriljek bu forum şeýle derejedäki birinji çäre boldy. Onda raýat jemgyýetiniň wekilleri häkimiýet edaralary, BMG-niň düzümleýin edaralary we esasy hyzmatdaşlar bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik aldylar.

1

Çäre ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge, hyzmatdaşlyklary gurmaga hem-de durnukly ösüşe we Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ýerine ýetirmäge ýardam berýän çözgütleri öňe sürmäge gönükdirilendir.

2

Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň hökümetiniň, BMG-niň we raýat pudagynyň wekilleri raýat jemgyýetiniň durnukly ösüş, düzümleýin transformasiýa, howa durnuklylygy we inklýuziw innowasiýalar meselelerine gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

3

Forumyň birinji gününde gatnaşyjylar esasan hem gurak howa we LLDC ýurtlarynyň howplara garşy gowşaklygy şertlerinde ekologiýa taýdan durnukly we inklýuziw ykdysady ösüşe ýetmegiň ýollary barada maslahatlaşdylar.

Ikinji günüň çäklerinde sanly ykdysadyýet, innowasiýalar we tehnologiýa bolan elýeterlilik, şeýle hem halkara maliýe arhitekturasynyň üýtgedilmegi, bergidarlyk agramynyň durnuklylygy we adalatly maliýeleşdirmegi bilen baglanyşykly temalar ara alnyp maslahatlaşylýar.

4

Forum raýat jemgyýetiniň jarnamasynyň prezentasiýasy bilen tamalanyp, ol LLDC3 maslahatynyň resmi bölegine berilip, onuň jemleýji resminamasyna giriziler.

Forumyň hyzmatdaşlarynyň arasynda - Botswana Council of NGOs (BOCONGO), AFRODAD, Rwanda Civil Society Platform, SEATINI Uganda, Global Policy Forum, LDC Watch we Afrika, Aziýa ýurtlarynyň hem-de halkara raýat bileleşiginiň beýleki guramalary bar.

5

Forum deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlaryň duş gelýän kynçylyklary çözmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň wajyplygyny açyp görkezip, raýat jemgyýetiniň global gün tertibine gatnaşmagyny güýçlendirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026