HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine garadylar

Awgust 04, 2025 | 20:40 |5771
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdiTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: president.uz

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmegi bilen gutlady we sebitimiziň durnukly ösüşi üçin gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm ähmiýetini aýratyn belledi.

Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Samarkantda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan türkmen-özbek gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostluk, ynanyşmak we umumy gyzyklanmalara, ähli derejelerde netijeli we işjeň aragatnaşyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşi bellenildi. Ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy 600 million dollara ýetdi. Senagat, energetika, ulag, oba hojalygy we suw hojalygy we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýarýar.

“Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy bilelikde döredilýär şeýle hem sebitara gatnaşyklar we ynsanperwer ugurda alyş-çalyşlar ösdürilýär.

Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlyk görmegiň çäklerinde hökümetara toparlaryň, işewürler geňeşiniň, sebitler forumynyň we birnäçe medeni çäräniň geçirilmegine garalýar.

BMG-niň maslahatynyň we şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi boýunça giňişleýin pikir alşyldy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gämä edilen hüjümden soň Eýran Ormuz bogazyny ýapdy — Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk güýçlenýär

Gämä edilen hüjümden soň Eýran Ormuz bogazyny ýapdy — Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk güýçlenýär

21:00 Iýul 12, 2026
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Annalena Berbok 2758-nji belgili Kararnama laýyklykda «Bir Hytaý» ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Annalena Berbok 2758-nji belgili Kararnama laýyklykda «Bir Hytaý» ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady

19:00 Iýul 12, 2026
ÝB ýurtlary Russiýa garşy 21-nji sanksiýalar bukjasy boýunça ylalaşyga gelip bilmedi

ÝB ýurtlary Russiýa garşy 21-nji sanksiýalar bukjasy boýunça ylalaşyga gelip bilmedi

17:00 Iýul 12, 2026