HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

Awgust 01, 2025 | 11:25 |4164
31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine baha berdiler.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Türkmen tarapy, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taýýarlyk görmekde Taýlandyň goşandyny nygtady.

Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ugurda türkmen-taýland gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. Taýland tarapyndan iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga isleg beýan edildi.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin Ilçi Apirat Sugondhabhire minnetdarlygyny bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026