HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Awazada geçiriljek forumyň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar

Awgust 01, 2025 | 08:55 |4432
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 300-den gowrak talyby "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça forumyň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar.Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 300-den gowrak talyby "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça forumyň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 300-den gowrak talyby "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça forumyň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Meýletinçiler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden saýlandy we dürli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin taýýarlyk görýärler. Olaryň wezipelerine dilden terjime etmek, wekiliýetleriň ýanynda bolmak, protokol goldawyny bermek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işleşmek degişli bolup durýar.

1

Gatnaşyjylaryň arasynda žurnalistika ugrundan bilim alýan talyplar bar. Guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, foruma gatnaşmak, talyplara nazary bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, meýletinçiler dürli dillerde KHBS-de çykyş etmek üçin taýýarlyk gördüler.

Meýletinçileriň taýýarlyk okuwlary tutuş okuw ýylynyň dowamynda tassyklanan meýilnamanyň esasynda alnyp baryldy. Okuwlaryň çäginde talyplar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geografiýasy, olaryň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça tagallalary, halkara protokoly, köpçüligiň öňünde çykyş etmek we milli däp-dessurlaryň göz öňünde tutulmagy bilen daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek boýunça maglumatlary öwrendiler.

2

Ähli meýletinçiler üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan döwrebap talaplara laýyk gelýän ýörite egin-eşikler taýýarlandy. Dizaýny, forumyň temasynyň göz öňünde tutulmagy bilen milli äheňde ýerine ýetirildi. Şeýle hem, teleoperatorlar, lukmanlar we beýleki hyzmat ediş işgärleri üçin aýratyn egin- eşikleriň toplumlary işlenip taýýarlanyldy.

Geçen hepde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gatnaşyjylar üçin ýörite taýýarlyk okuwlary geçirildi. Meýletinçileriň käbiri eýýäm "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip, ýerinde guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Forum BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistan bu çärelere ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden saýlanyp alnan meýletinçileriň gatnaşmagyna mümkinçilik berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026