HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Kanun kabul edildi

Iýul 31, 2025 | 09:25 |4395
Türkmenistanda “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Kanun kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde işlenip düzülen bu resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giriziler.Türkmenistanda “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Kanun kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde işlenip düzülen bu resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giriziler.
Çeşme: mejlis.gov.tm

Türkmenistanda “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Kanun kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde işlenip düzülen bu resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giriziler.

Kanun ses bermäge hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlary baradaky maglumatlary saklamak, işlemek we ulanmak üçin niýetlenen bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Onuň maksady bolsa raýatlar baradaky maglumatlaryň ygtybarlylygyny, goraglylygyny we dogrylygyny üpjün etmek hem-de olaryň saýlaw hukuklaryny berjaý etmek.

Resminama laýyklykda, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň esasy wezipeleri saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň hasaba alynmagyny guramak we ony ýöretmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekdir.

Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyna şu maglumatlar girizilýär: saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, doglan ýeri, jynsy, milleti, saýlaw salgysy, ses berýän ýeri we şertleri. Saýlawçynyň şahsy maglumatlary doly däl bolsa, Döwlet sanawynda bu barada degişli bellik edilýär.

Sanawa girizilmek saýlaw hukugynyň barlygyny tassyklaýan resminamalaryň, şol sanda 18 ýaşynyň dolandygyny we Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminamalaryň berilmegine esaslanýar. Şeýle-de Kanun şahsy maglumatlaryň üýtgemegi bilen baglanyşykly maglumatlaryň yzygiderli täzelenmegini hem-de şahsy maglumatlary bikanun ulanyşdan goramagyň kepillendirilmegini göz öňünde tutýar.

Kanun taslamasy ministrlikleriň, pudaklaýyn-dolandyryş edaralarynyň we ýerli häkimiýet edaralarynyň teklipleri bilen, şeýle hem halkara tejribäniň we degişli kanunçylygyň öwrenilmegi esasynda işläp düzüldi.

Kanunyň işläp taýýarlanylmagy 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda beýan edildi. Onda saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026