HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ambiente Talents: Türkmen dizaýnerlerine çagyryş!

Iýul 30, 2025 | 22:00 |16604
Interýer dizaýny we aksesuarlar boýunça işleýän kompaniýalary hem-de dizaýnerleri Frankfurtda (Germaniýa) geçiriljek Ambiente öý harytlary sergisiniň Talents promo-programmasyna gatnaşmaga çagyrýarys.Interýer dizaýny we aksesuarlar boýunça işleýän kompaniýalary hem-de dizaýnerleri Frankfurtda (Germaniýa) geçiriljek Ambiente öý harytlary sergisiniň Talents promo-programmasyna gatnaşmaga çagyrýarys.
Çeşme: ambiente.messefrankfurt.com

Interýer dizaýny we aksesuarlar boýunça işleýän kompaniýalary hem-de dizaýnerleri Frankfurtda (Germaniýa) geçiriljek Ambiente öý harytlary sergisiniň Talents promo-programmasyna gatnaşmaga çagyrýarys!

Interýer dizaýny, stol bezegi, aksesuarlar we bezeg harytlary bilen meşgullanýan ýaş dizaýnerler bu halkara sergä gatnaşmak üçin arza tabşyryp bilerler.

ambiente-talents-designers-2026 (9).jpg

“Talents” brendi bilen Messe Frankfurt ýaş dizaýnerlere, talyplara we täze gutaran hünärmenlere goldaw berýär. 2026-njy ýylyň 6–10 fewral aralygynda geçiriljek Ambiente sergisinde gatnaşyjylara şu mümkinçilikler hödürlenýär:

• ýörite bezelen ýerde öňdebaryjy, tölegsiz sergi meýdançasy,

• ýokary derejeli netwroking platformasy,

• pudagyň hünärmenlerinden direkt seslenme almak,

• iş we senagat wekilleri bilen täze iş gatnaşyklaryny ýola goýmak.

ambiente-talents-designers-2026 (8).jpg

Dizaýnerleriň dürli pikirleri we çözgütleri bilen baýlaşdyrylan Talents programmasy täze döredijilik mümkinçiliklerini açýar.

Ambiente – dünýäniň öňdebaryjy halkara sergisi

Ambiente – öý we interýer harytlary boýunça dünýäde iň uly halkara sergidir. Ol aşhana esbaplaryndan başlap, öý enjamlaryna, interýer dizaýnyna, sowgatlyk we moda aksesuarlaryna çenli giň ugurlary öz içine alýar.

2025-nji ýyldaky Ambiente sergisine 83 ýurtdan 4 000 gatnaşyjy gatnaşdy. Sergi dowamynda bäş günläp täze önümler, döredijilik pikirleri, hünär çäreleri, trend görkezmeleri we baýrak dabaralary geçirildi.

Has giňişleýin maglumat üçin: ambiente.messefrankfurt.com

ambiente-talents-designers-2026 (5).jpg

Nädip gatnaşmaly?

Promo-programmada gatnaşmak üçin onlaýn platforma arkaly hasaba alyş we taslamalaryňyzyň / işleriňiziň ýokary hilli fotosuratlaryny ýüklemek zerurdyr.

Üns beriň: Goldaw programmasynyň çäginde berilýän tölegsiz stend siziň tarapyndan bezelen bolmaly we sergi dowam edýän wagtynda doly şekilde işleýän ýagdaýda saklanylmalydyr.

Arza tabşyrmagyň soňky möhleti: 08.08.2025 Arzalar nireden ugradylyp bilner?

Türkmenistandaky kompaniýalar we dizaýnerler öz arzalaryny Messe Frankfurt-yň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşy – TurkmenExpo arkaly ugradyp bilerler. ambiente-talents-designers-2026 (7).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026