HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan nyşany görkezildi

Iýul 29, 2025 | 12:00 |3921
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen, Astana şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük çäresi geçirildi.Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen, Astana şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük çäresi geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen, Astana şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük çäresi geçirildi. Şäheriň merkezi kenar ýakasyndaky ekranda 2025-nji ýylyň resmi nyşanynyň reňkli şekili görkezildi.

Guramaçylarynyň bellemegine görä, bu çäre Türkmenistanyň halkara arenasyndaky parahatçylykly başlangyçlaryna berilýän goldawy alamatlandyryp, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň subutnamasy boldy.

1

2025-nji ýylda Türkmenistan özüniň bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny bellär. Bu babatda Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ynsanperwer hem-de parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde görýär.

Astanada geçirilen çäre iki döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmekde nobatdaky ädim boldy hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýaly umumy gymmatlyklara goýulýan hormatyň beýany hökmünde çykyş etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ilkinji koddan ilkinji syýahata çenli: Turkish Airlines TEKNOFEST festiwalynda ýaşlar bilen nähili işleýär

Ilkinji koddan ilkinji syýahata çenli: Turkish Airlines TEKNOFEST festiwalynda ýaşlar bilen nähili işleýär

19:10 Oktýabr 02, 2026
Güneydoğu içinden TEKNOFEST: Şanlyurfadaky tehnologiýalar, medeniýet we janly duýgular

Güneydoğu içinden TEKNOFEST: Şanlyurfadaky tehnologiýalar, medeniýet we janly duýgular

18:20 Oktýabr 02, 2026
Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

13:40 Oktýabr 02, 2026