HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Daýanç» çagalar sagaldyş merkezinde çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi

Iýul 26, 2025 | 18:00 |3355
«Daýanç» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Paýhas ummanynyň dürdäneleri» atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi«Daýanç» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Paýhas ummanynyň dürdäneleri» atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

«Daýanç» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Paýhas ummanynyň dürdäneleri» atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan dynç almaga gelen 9–13 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşdy. Çäräniň guramaçysy bolup Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy Güljahan Garabaýewa boldy.

Bäsleşikde çagalar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden setirleri çeper okadylar. Okalan setirleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndan hem-de Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserlerinden bölümler boldy.

Bäsleşik gyzykly we ruhubelent ýagdaýda geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Ähli gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäher häkimliginiň bilim bölümi tarapyndan minnetdarlyk hatlary bilen sylaglanyldy, aýratyn tapawutlananlara Hormat hatlary gowşuryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026