HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident “Elektron hökümet” ulgamyny ösdürmek üçin nobatdaky ädimleri tassyklady

Iýul 26, 2025 | 01:35 |5276
Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen mi Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň “Elektron hökümet” ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda taýýarlanan teklibi makulladyPrezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen mi Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň “Elektron hökümet” ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda taýýarlanan teklibi makullady
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen mi Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň “Elektron hökümet” ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda taýýarlanan teklibi makullady. Bu başlangyç, resminama dolanşygyny sanlylaşdyrmak we elektron hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek arkaly döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatyna görä, ýurtda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Döwlet edaralarynyň hereketleri bitewi elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylýar we sanly gurşawy yzygiderli hukuk we guramaçylyk taýdan kämilleşdiriş işleri amala aşyrylýar.

Türkmenistanda “Elektron hökümet” ulgamyny ornaşdyrmak, birnäçe möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen hukuk esasy aldy.

Hususan-da, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” (2015-nji ýylda güýje girdi) Türkmenistanyň kanuny elektron resminamalaryň hukuk güýji hem-de raýatlaryň, guramalaryň we döwletiň arasyndaky gatnaşyklarynda ulanmak meselerini düzgünleşdirýär. 2019-njy ýylda güýje giren “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny döwlet edaralarynyň, raýatlaryň we kärhanalaryň arasynda sanly gatnaşygy guramak we ösdürmek ýörelgelerini kesgitleýär.

Sanly hyzmatlaryň bitewi ulgamyna we bu amallar üçin hukuk üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Bu ugurdaky işler, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly jemgyýeti döretmäge gönükdirilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen maksatlaryň çäginde amala aşyrylýar.

Prezident tarapyndan tassyklan bu başlangyç, Türkmenistanyň ählumumy sanly ösüşler bilen aýakdaş gitmek we döwlet dolandyryşynyň durnukly, aýdyň we netijeli modelini döretmäge bolan islegini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026