HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HHR-niň Ilçisi Szi Şumin Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Iýul 25, 2025 | 22:05 |5778
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu bolsa onuň ýurtdaky missiýasynyň resmi taýdan başlandygyny alamatlandyrýarŞu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu bolsa onuň ýurtdaky missiýasynyň resmi taýdan başlandygyny alamatlandyrýar
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 25-nji iýul | ORIENT. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu bolsa onuň ýurtdaky missiýasynyň resmi taýdan başlandygyny alamatlandyrýar.

Strategiki hyzmatdaşlyk we özara hormat

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Ilçi Szi Şumin Hytaýyň giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ilçi HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de diplomat, halkara jemgyýetçiliginiň yzygiderli giň goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryna Hytaýyň ýokary baha berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, Szi Şumine bu jogapkärli wezipede alyp barjak işiniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen döwletiniň Baştutany, Başlyk Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biridigini nygtady.

Gaz geçirijiden “Ýüpek ýoluna” çenli: Ykdysadyýet we medeniýet dostlugyň sütüni hökmünde

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli derejede syýasy dialogyň has-da giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýratyn belledi. “Biziň ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigine özara saparlar we geňeşmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar BerdimuhamedowyňAstanada geçirilen ikinji “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitiniň meýdançasynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy bolup durýar. Uly göwrümli Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ýangyç-energetika pudagyndaky netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň we Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny goldaýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taraplar ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet pudaklaryndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berdiler, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanly mekdep okuwçysy «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginde 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

Türkmenistanly mekdep okuwçysy «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginde 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

21:07 Oktýabr 01, 2026
Si Szinpin we Hytaýyň beýleki ýolbaşçylary Týananmen meýdançasynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyny bellediler

Si Szinpin we Hytaýyň beýleki ýolbaşçylary Týananmen meýdançasynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyny bellediler

20:00 Oktýabr 01, 2026
«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

18:21 Oktýabr 01, 2026