HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Maslahatyna taýýarlyk görýär: DIM-däki brifingde LLDC3 tertibi beýän edildi

Iýul 18, 2025 | 21:50 |4754
18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygyň ahyrky tapgyry boýunça brifing geçirildi18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygyň ahyrky tapgyry boýunça brifing geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygyň ahyrky tapgyry boýunça brifing geçirildi. 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu çäre ýylyň iň uly halkara wakalarynyň biri boljakdygyny wada berýär.

Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda öňde boljak bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda netijeli meýdança hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow her 10 ýylda bir gezek geçirilýän çäräniň ähmiýetini nygtady. Ol bu çärä giň gerimli taýýarlygyň görülýändigine ünsi çekdi. LLDC3 dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlaryny, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemlär diýip garaşylýar.

18072025-turkmenistan-lldc3-briifing-mid-avaza (2).jpg

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew öz çykyşynda gözel Awazada geçiriljek maslahatyň ählumumy derejedäki ähmiýetini ýene bir gezek nygtady.

Brifingiň dowamynda protokol-guramaçylyk meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramaçylygyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin taýýarlyk işleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek boýunça teklipler berildi.

Brifing däp bolşy ýaly “soraglar we jogaplar” bilen tamamlandy, bu ýerde gatnaşyjylar ýakyn wagtda geçiriljek maslahat barada gyzyklanýan ähli ugurlary barada düşündiriş alyp bildiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026