HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýada ilkinji gezek akkreditirlendi

Iýul 16, 2025 | 23:47 |5204
Şu gün Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatynyň gowşuryş dabarasy geçirildiŞu gün Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatynyň gowşuryş dabarasy geçirildi
Çeşme: govt.nz

Wellington, Täze Zelandiýa. 16-njy iýul | ORIENT. Şu gün Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatynyň gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditirlendi.

Bu waka, Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Ilçiniň bellenilmegi Türkmenistanyň diplomatik gatnaşygyny giňeltmek we ýurduň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça maksada okgunly syýasatynyň bir bölegidir.

Degişli Permana 2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Bu Permana laýyklykda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellendi.

Mikroneziýa Federatiw Ştatlary bilen bir hatarda Türkmenistan ilkinji gezek ýuwaş ummany sebitinde ýerleşýän bu döwlete özüniň ynanç hatyny gowşuran ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Bu gün Sindi Kiro Solomon adalarynyň Ýokary komissaryndan, Polşanyň Ilçisinden, Türkiýäniň Ilçisinden we Maldiw adalarynyň Ýokary komissaryndan ynanç hatlaryny kabul etdi.

16072025-posol-turkmenistana-novaya-zelandiya (2).jpg

Dabara diňe bir diplomatik protokoly däl, eýsem Täze Zelandiýanyň baý medeni mirasynyň görnüşlerini hem öz içine aldy. Olaryň arasynda – burunlaryň we maňlaýlaryň degişmegi bilen ýaşaýyş deminiň alyş-çalşyny alamatlandyrýan maori dessury bolan adaty hongi salamy bardy.

Ýerli halklaryň wekilleriň kabul edişlige gatnaşmagy Täze Zelandiýanyň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýýandyklaryny we olaryň resmi çärelere goşulandygyny aýdyň görkezdi. Ilçi Atadurdy Baýramow, beýleki täze bellenen diplomatik missiýanyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, däp-dessurlara we medeni taýdan birek-birege hormat goýmagy alamatlandyrýan protokolyň bu medeni görnüşine gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026