HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda nebitgaz hünärmenlerini taýýarlamak üçin Lu Banyň ussahanasy açylýar

Iýul 16, 2025 | 12:20 |4540
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm başlangyç bolan Lu Banyň ussahanasy açylýarÝagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm başlangyç bolan Lu Banyň ussahanasy açylýar
Çeşme: education.gov.tm

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm başlangyç bolan Lu Banyň ussahanasy açylýar. Bu taslama Hytaýyň öňdebaryjy bilim we senagat düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäginde durmuşa geçirilýär.

Ýakynda hytaý professorlaryndan ybarat wekiliýet bu ussahananyň resmi açylyşyny geçirmek we öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen Türkmenistana saparyny amala aşyrdy. Taslamanyň binýady 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Sian nebit uniwersiteti, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy we Bilim pudagynda halkara alyş-çalyş boýunça Hytaý birleşigi bilen gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama boldy.

Saparyň dowamynda hytaýly bilermenler türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýaş mugallymlary üçin bir hepdelik tejribe okuwyny geçirerler. Okuw, informatikada we amaly geologiýada iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir, bu bolsa Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň tehnologik ösüşini üpjün etmekde örän möhüm bolup durýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026