HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Iýul 16, 2025 | 19:45 |5643
16-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň dowamynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy.16-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň dowamynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy.
Çeşme: azertag.az

16-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň dowamynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Allahşukur Paşazade Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri özbaşdak ösüş ýoluny saýlandygyny we döwletiň gazanan üstünliklerini kanagatlanma bilen yzarlaýandygyny aýtdy hem-de ýakyn wagtda ýene-de Türkmenistana baryp, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşjakdygyna ynam bildirdi.

Din ugurdaky hyzmatdaşlyk meselelerini barada aýdyp, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade, Türkmenistanyň müftüsi bilen bolan duşuşygyny ýada saldy. Ol iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň, şol sanda dini we ruhy ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňelendigini nygtady diýip, AZERTAG-yň habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen geçirilen duşuşygynyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bar bolan ruhy gatnaşyklaryň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge goşant goşýandygyny aýtdy we bu duşuşygyň gatnaşyklaryň has-da giňelmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.

vstrecha-upravleniye-musulman-kavkaza (1).jpg

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki başlangyçlaryň strategiki ähmiýete eýe bolandygy, bu çarçuwada dini we ruhy dialogyň möhüm orny eýeleýändigi hem-de geljekde bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmelidigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadany ýakyn wagtda Türkmenistanda geçiriljek metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026