HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi

Iýul 16, 2025 | 19:00 |5770
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanda saparda bolmagynyň çäginde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine baryp gördilerTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanda saparda bolmagynyň çäginde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine baryp gördiler
Çeşme: meclis.gov.az

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanda saparda bolmagynyň çäginde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine baryp gördiler.

Hormatly myhmanlary Parlamentiň ýolbaşçysy Sahiba Gafarowa garşy aldy. Duşuşyk başlanmazdan ozal wekiliýet Geýdar Aliýewiň ýadygärlikler zalynyň eksponatlaryny synladylar hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow Ýatlama kitabynda ýazgy galdyrdy.

turkmenistan-halk-maslahaty-parlament-azerbajdzhan (2).jpeg

Taraplaryň giňişleýin düzümdäki duşuşygynyň dowamynda Sahiba Gafarowa bu saparyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi diýip, AZERTAG habar berýär.

Parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we çuňlaşdyrmakda özara saparlar hem-de ýokary derejeli duşuşyklar möhüm orna eýedir. “Azerbaýjan we Türkmenistan birnäçe halkara guramalarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Goşulmazlyk hereketiniň başlygy hökmünde Azerbaýjanyň başlangyçlaryna türkmen tarapynyň yzygiderli goldawyna ýokary baha berýär” – diýip, Gafarowa aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň arasynda bar bolan şertnama-hukuk binýady örän giňdir we syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

turkmenistan-halk-maslahaty-parlament-azerbajdzhan (3).jpeg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň çäginde Prezident Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygynda özünde galdyran ýakymly täsirlerini paýlaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sebit meseleleri, gender syýasatynyň meseleleri, ýaşlar syýasaty, ykdysady hyzmatdaşlyk, Hökümetara toparlaryň işi, parlament diplomatiýasy, parlamentara dialog we beýleki ugurlar boýunça pikirlerini beýan etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026