HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Russiýanyň Strategiki barlaglar institutynyň başlygy bilen duşuşdy

Iýul 12, 2025 | 22:07 |5406
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň Strategiki barlaglar institutynyň (RSBI) direktory Mihail Fradkow bilen Moskwada möhüm duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň Strategiki barlaglar institutynyň (RSBI) direktory Mihail Fradkow bilen Moskwada möhüm duşuşyk geçirdi
Çeşme: riss.ru

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň Strategiki barlaglar institutynyň (RSBI) direktory Mihail Fradkow bilen Moskwada möhüm duşuşyk geçirdi. 11-nji iýulda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus gatnaşyklary bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Bu duşuşyk, Moskwa bilen Aşgabadyň strategiki hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak baradaky özara islegini tassyklaýar. Iki ýurduň bilermen we seljeriş merkezleri derejesinde dialogyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Munuň özi bolsa umumy gyzyklanmalary we geljegi hemmetaraplaýyn hem-de çuňňur seljermek islegini görkezýär.


Mihail Fradkow — belli rus döwlet işgäri we diplomaty. 2016-njy ýylda RSBI-niň direktory wezipesine bellenmezinden ozal birnäçe ýokary wezipelerde şol sanda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri (2004–2007) we Russiýa Federasiýasynyň Daşary aňtaw gullugynyň müdiri (2007–2016) wezipesinde işledi. Uly syýasatda we diplomatiýada toplan baý tejribesi, gatnaşýan duşuşyklaryna aýratyn ähmiýet berýär.

Russiýanyň Strategiki barlaglar institutynyň (RSBI) halkara gatnaşyklaryny, daşary syýasaty we milli howpsuzlygy seljermäge ýöriteleşen Russiýanyň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biridir. Institut bilermenleriň bahalandyrmalaryny we çaklamalaryny üpjün edip, döwlet edaralary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Diplomatik korpusyň wekilleriniň RSBI-iň ýolbaşçylygyndaky duşuşyklary köplenç wezipeleri kesgitlemek, strategiki garaýyşlar alyşmak hem-de ählumumy gün tertibinde we ikitaraplaýyn gatnaşyklarda häzirki meseleler boýunça umumy pikir tapmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Şeýlelik bilen, Ilçi Aýdogyýewiň RSBI-niň binasynda Mihail Fradkow bilen duşuşygy, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ähli derejelerde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ynamyň we gyzyklanmanyň ýokary derejesini tassyklaýan möhüm wakadyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026