HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda LLDC3 maslahaty boýunça brifing geçirildi

Iýul 10, 2025 | 23:35 |6886
2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) halkara derejesinde şöhlelenmä eýe bolýar2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) halkara derejesinde şöhlelenmä eýe bolýar
Çeşme: un.org

2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) halkara derejesinde şöhlelenmä eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan 9-njy iýunda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili (USG/OHRLLS) Rabab Fatimanyň gatnaşmagynda bilelikdäki metbugat-brifingi geçirildi.

oon-briefing-lldc3-ataeva-fatima (2).jpg

Brifing utgaşykly görnüşinde geçirildi we tutuşlygyna öňde boljak foruma bagyşlandy. Onuň dowamynda halkara forumyň maksatnamasy, onuň esasy we ugurdaş geçiriljek çäreler, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy özi şol sanda wekiliýetler we beýleki gatnaşyjylar üçin iş hem ýaşaýyş şertlerini barada jikme-jik gürrüň berildi. Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler žurnalistleriň soraglaryna jogap berdiler, bu bolsa öňde boljak boljak wakanyň taraplaryny giňişleýin beýan etmäge mümkinçilik berdi.

oon-briefing-lldc3-ataeva-fatima (3).jpg

Bilelikde şular ýaly çäräniň şeýle ýokary derejede geçirilmegi BMG bilen Türkmenistanyň bu maslahatyň üstünlikli guralyşyna we ähmiýetine berýän aýratyn ünsini görkezýär. Şeýle hem, maslahatyň geçiriljek ýurdy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüş meseleleri boýunça ählumumy dialogy geçirmekde ýakyn utgaşykly hyzmatdaşlygy görkezýär.

oon-briefing-lldc3-ataeva-fatima (4).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026