HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: esas ýagy, buýan köki, boýalan mata we erkek köýnekleri satyn alyndy

Iýul 09, 2025 | 17:25 |3881
7-nji iýulda, duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, oba hojalygy hem-de ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi7-nji iýulda, duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, oba hojalygy hem-de ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi
Çeşme: exchange.gov.tm

7-nji iýulda, duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, oba hojalygy hem-de ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen SN-350 kysymly esas ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Serbiýaly telekeçiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden arassalanmadyk guradylan buýan köklerini we kök baldaklaryny satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür wekilleri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen boýalan ranfors we kreton matalaryny, şeýle hem erkek köýneklerini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň dowamynda jemi 4 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 750 846,00 ABŞ dollaryna we 884 000,00 manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026