HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada geçirilýän Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary ýene alty medal gazandylar

Iýul 09, 2025 | 12:02 |4817
Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji gününde türkmen türgenleri ýygyndy toparymyzyň hasabyny ýene alty medal bilen doldylar.Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji gününde türkmen türgenleri ýygyndy toparymyzyň hasabyny ýene alty medal bilen doldylar.
Çeşme: awf.sport

Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji gününde türkmen türgenleri ýygyndy toparymyzyň hasabyny ýene alty medal bilen doldylar. Ýaryş 7-nji iýula çenli dowam etdi.

Ýaşlaryň arasynda 79 çenli kg agram derejesinde çykyş eden Didarbek Jumabaýew birbada üç sany kümüş medal gazandy. Ol batly galdyrmak ugrunda 138 kg, itip galdyrmakda bolsa 174 kg çenli agramy göterip, jemi 312 kg netije bilen ikinji ýere mynasyp boldy.

Ýaş gyzlaryň arasynda 63 kg çenli agram derejesinde Medina Amanowa ýygyndy toparymyza üç bürünç medalyny getirdi. Ol batly galdyrmak ugrunda 88 kg, itip galdyrmakda bolsa 110 kg göterip, umumylykda 198 kg galdyrmagy başardy.

Çempionatyň dört gününiň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy topar hasabynda ýaşlaryň arasynda 8-nji ýeri (4 kümüş we 5 bürünç medallary) hem-de ýetginjekleriň arasynda 10-njy ýeri (3 bürünç medal) eýeleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026