HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda Halkara uzak kosmosy öwrenmegiň birleşigi döredildi

Iýul 09, 2025 | 10:35 |3202
7-nji iýulda Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Halkara uzak kosmosy öwrenmegiň birleşiginiň (IDSEA) açylyş dabarasy geçirildi.7-nji iýulda Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Halkara uzak kosmosy öwrenmegiň birleşiginiň (IDSEA) açylyş dabarasy geçirildi.
Çeşme: belta.by

7-nji iýulda Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Halkara uzak kosmosy öwrenmegiň birleşiginiň (IDSEA) açylyş dabarasy geçirildi. Bu öz ugruna degişli ilkinji halkara gurama bolup, Aý, planetalar, asteroidler we uzak kosmosy babatda ylmy-barlaglary utgaşdyrmagy we ösdürmegi maksat edinýär.

Birleşik Hytaýyň milli kosmos müdirliginiň (CNSA), Hytaýyň astronawtika jemgyýetiniň, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň we beýleki halkara hyzmatdaşlaryň, şol sanda Fransiýanyň Horizon 2061 ylmy başlangyjynyň gatnaşmagynda döredildi. IDSEA guramasynyň ştab-kwartirasy Anhoýda ýerleşýär.

Birleşigiň prezidenti hökmünde Hytaýyň inženerçilik akademiýasynyň akademigi, Hytaýyň aý maksatnamasynyň baş inženeri U Weýžen saýlandy.

Açylyş dabarasyna ylmy edaralaryň, halkara guramalaryň, diplomatik korpusyň we kosmos pudagynyň wekilleri gatnaşdy. IDSEA uzak kosmos bilen baglanyşykly bilimleri alyşmaga, düýpli barlaglar babatda hyzmatdaşlyga hem-de global ylmy missiýalaryň öňe sürülmegine ýardam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026