HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-i Kiýewden Ukrainanyň teleýaýlymyndaky galp maglumatlara garşy çäre görmegini talap edýär

Iýul 08, 2025 | 21:25 |10052
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tarapgöý häsiýetli habarlar bilen baglylykda nägilelik bildirdiTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tarapgöý häsiýetli habarlar bilen baglylykda nägilelik bildirdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tarapgöý häsiýetli habarlar bilen baglylykda nägilelik bildirdi. Hususan-da, gürrüň 8-nji iýulda Ukrainanyň “FREEДОМ” teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä “ýapyklygy” barada aýdylan tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary hakda barýar.

Türkmenistanyň DIM-i öz beýanynda ukrain kanalynyň wekilleriniň şeýle maglumatlary ýaýratmak boýunça hukugyna “aňrybaş düşünişmezligi” döretýändigini mälim edip, “häzirki zaman Türkmenistan barada hiç hili düşünjesi bolmadyk, ýurdumyza hiç haçan gelip görmedik, şeýle hem ýurduň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri, kärdeşleri – türkmen žurnalistleri bilen hiç hili gatnaşyklary saklamaýar” – diýip belleýär.

Türkmen tarapy “FREEДОМ” teleýaýlymynyň Türkmenistan barada hakykata laýyk gelmeýän we ýoýlan maglumatlary bilkastlaýyn ýaýratmak bilen, tomaşaçylar köpçüligine galp habarlary ýetirmesiniň ilkinji gezek däldigini belleýär.

Daşary işler ministrligi bularyň hemmesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň tutuş döwründe türkmen tarapynyň ukrain halkyna berýän köpýyllyk ykdysady we ynsanperwer goldawynyň şertlerinde bolup geçýändigine ünsi çekýär. Şeýlelikde, 1990-njy ýyllardan başlap, Türkmenistan köp ýyldan bäri Ukrainany uly göwrümlerde tebigy gazy bilen üpjün edýärdi şeýle hem birnäçe ukrain kompaniýalary Türkmenistanda milliardlarça ABŞ dollaryna barabar bolan köpsanly taslamalary durmuşa geçirdiler.

Türkmenistanyň DIM-i gatnaşyklarda iki taraplylygyň ähmiýetini nygtap: “Aýdylanlara esaslanyp, käbir ukrain KHBS-iň wekillerine «ýagşylyga – ýagşylyk» ýaly durmuş hakykatynyň tersine hereket etmegiň deregine, onuň ýokary ähmiýetini we gymmatyny ýatdan çykarmazlyk zerurdyr” – diýip, belledi.

Ýüze çykan ýagdaýlardan ugur alyp, türkmen tarapy maglumat syýasaty üçin jogapkär Ukrainanyň degişli döwlet edaralaryndan geljekde ýokarda görkezilen ýagdaýlaryň mundan beýläk gaýtalanmazlygy üçin ukrain kanunçylygyna laýyklykda zerur çäreleri görmegini talap edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026