HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ženewada “Roche” farmholdingi bilen seýrek keselleri bolan çagalara goldaw bermek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýul 07, 2025 | 22:10 |4798
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Şwesariýanyň öňdebaryjy “La Roche” farmasewtik kompaniýasynyň wekili bilen möhüm iş duşuşygy geçirildiTürkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Şwesariýanyň öňdebaryjy “La Roche” farmasewtik kompaniýasynyň wekili bilen möhüm iş duşuşygy geçirildi
Çeşme: roche.com

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Şwesariýanyň öňdebaryjy “La Roche” farmasewtik kompaniýasynyň wekili bilen möhüm iş duşuşygy geçirildi.

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temasy gemofiliýa we oňurga myşasynyň atrofiýasy ýaly seýrek keselleri bolan çagalara lukmançylyk kömegini bermäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary ösdürmek boldy. Bu başlangyçlaryň çäginde eýýäm türkmenistanly näsaglar durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyrýan we maýyplygyň öňüni almaga kömek edýän durmuş ähmiýetli derman serişderlerini alýarlar.

Duşuşykda şeýle hem zerur bejergini uzak möhletleýin üpjün etmek, türkmen hünärmenlerini taýýarlamak we häzirki zaman anyklaýyş serişdelerini bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, diplomatik wekilhanada habar berildi. “Roche” kompaniýasy, Türkmenistanda lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan bu hyzmatdaşlygy durnukly esasda dowam etdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026