HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Звук” goşundysynyň konserte biletleri satyn almak täze aýratynlygy

Iýul 08, 2025 | 15:18 |3729
“Звук” aýdym-saz striming hyzmaty täze aýratynlygyny girizdi. Ol hem ulanyjylara goşundynyň özünden konserte biletleri satyn almak mümkinçiligini berýär. Bu bolsa “Afişa” hyzmaty bilen integrasiýasynyň netijesinde amala aşyryldy.“Звук” aýdym-saz striming hyzmaty täze aýratynlygyny girizdi. Ol hem ulanyjylara goşundynyň özünden konserte biletleri satyn almak mümkinçiligini berýär. Bu bolsa “Afişa” hyzmaty bilen integrasiýasynyň netijesinde amala aşyryldy.
Çeşme: Звук

“Звук” aýdym-saz striming hyzmaty täze aýratynlygyny girizdi. Ol hem ulanyjylara goşundynyň özünden konserte biletleri satyn almak mümkinçiligini berýär. Bu bolsa “Afişa” hyzmaty bilen integrasiýasynyň netijesinde amala aşyryldy.

Indi, islendik artistiň Afisha.ru saýtynda konsertleri baradaky maglumatlary ýerleşdirilen “Звук” goşundysyndaky sahypasyna girip, ulanyjylar biletleri öz içine alýan ýörite bölümi görerler. Satyn almak işi ýokary derejede aňsatlaşdyryldy: siz diňe senäni, biletiň kategoriýasyny saýlap, aýdym-sazy diňlemegiňizi dowam etmek bilen, birnäçe gezek ekrana basyp satyn almak hyzmatyny resmileşdirip bilersiňiz. Satyn alnan biletler göni ulanyjynyň elektron poçtasyna ugradylýar.

“Звук” goşundysyndaky geçiriljek konsertler baradaky maglumatlar hem-de bilet almak mümkinçiligi Afisha.ru saýtyndaky maglumatlar bilen sinhronlaşyp, döwrebaplylygy üpjün edýär.

“Звук” hyzmatynyň birnäçe ösüş we rebrending tapgyrlaryndan geçendigini bellemek gerek. 2010-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli ol Zvooq, soňra 2022-nji ýyla çenli – “Сберзвук” ady bilen işleýärdi. 2020-2022-nji ýyllar aralygynda bu hyzmat programmasy Sberbanka degişli bolup, soňrasy bilen “Täze mümkinçilikler” (“Новые возможности”) kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy.

Bu täzeleniş “Звук” hyzmatynyň işleýşini ep-esli derejede ýokarlandyrýar hem-de millionlarça ulanyjylar üçin konsert biletlerini satyn almagyň çalt we amatly usulyny hödürleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026