HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly talyplar we mekdep okuwçylar Taganrogda geçirilen “Çehow kubogy” atly Ählirussiýa forumyna gatnaşdylar

Iýul 08, 2025 | 13:15 |3967
Türkmenistanly talyplar we ýokary synp mekdep okuwçylary Taganrogda geçirilen
“Çehow kubogy” atly XXIII Ählirussiýa forumynyň gatnaşyjysy boldylar.Türkmenistanly talyplar we ýokary synp mekdep okuwçylary Taganrogda geçirilen
“Çehow kubogy” atly XXIII Ählirussiýa forumynyň gatnaşyjysy boldylar.
Çeşme: taganrogprav.ru

Türkmenistanly talyplar we ýokary synp mekdep okuwçylary Taganrogda geçirilen “Çehow kubogy” atly XXIII Ählirussiýa forumynyň gatnaşyjysy boldylar. Forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 124 sany okuwçyny we talyby birleşdirip, olara köpçüligiň öňünde çykyş etmek, diýenleriňi subut etmek we çekişmeleri geçirmek boýunça zerur bolan endikleri ösdürmek üçin meýdançany hödürledi.

Çäre Taganrogyň çäkleýin saýlaw toparynyň goldawy bilen “Global-NPD” guramasynyň we “Logowo” IT-kompaniýasynyň ýardam bermeginde Günorta federal uniwersitetiniň Dolandyryş institutynyň binýadynda geçirildi.

Foruma gatnaşanlaryň arasynda Hytaýyň, Merkezi Afrika Respubliaksynyň, Russiýanyň, Kolumbiýanyň we Nigeriýanyň talyplary bolup, olar Karl Popper çekişmeleri, Bütindünýä mekdep çekişmeleri hem-de Britan parlament çekişmeleri ýaly formatlarda ýaryşdylar. Maslahatlaşmalar rus, iňlis we hytaý dillerinde alnyp baryldy. Forumyň çäklerinde dilewarlyk sungaty boýunça bäsleşik hem geçirildi.

Türkmenistanly toparlar maksatnama işjeň goşulşdylar, ussatlyk sapaklaryna, çekişme sessiýalaryna hem-de medeni maksatnama hem gatnaşdylar. Möhüm çäreleriň biri hem “Sambek belentlikleri” ýadygärlikler toplumyna baryp görülmegi boldy.

Forum ýeňijilere we gatnaşyjylara sowgat gowşurmak dabarasy bilen tamamlandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

09:40 Oktýabr 02, 2026
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

09:00 Oktýabr 02, 2026
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026