HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasda bolup geçen suw joşgunlary zerarly ABŞ-a gynanç bildirdi

Iýul 08, 2025 | 02:10 |3423
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
Çeşme: REUTERS

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen tebigy betbagtçylyk köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirdi.

Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary arzuw etdi.

ABŞ-nyň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlary zerarly adam pidalaryň sany 89-a ýetdi, onlarça adam dereksiz ýitdi diýip, “CBS” teleýaýlymy habar berýär. “CNN” teleýaýlymynyň berýän maglumatlaryna görä, sebitiň ýarym milliondan gowrak ilaty suw joşgunlarynyň howpy astyndadyr. Prezident Donald Tramp ýekşenbe güni tebigy betbagtçylyk sebäpli Kerr sebitinde adatdan daşary ýagdaýynyň girizilendigini mälim etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

09:40 Oktýabr 02, 2026
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

09:00 Oktýabr 02, 2026
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026