HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň syrly ýerleri: Egeý we Ortaýer deňizleri

Iýul 07, 2025 | 16:25 |7785
Häzirki wagtda Türkiýe jahankeşdeleri diňe bir ajaýyp deňiz kenarýakalary däl-de, eýsem deňiz astyndaky, kän bir belli bolmadyk täsin dünýä bilen özüne çekýär.Häzirki wagtda Türkiýe jahankeşdeleri diňe bir ajaýyp deňiz kenarýakalary däl-de, eýsem deňiz astyndaky, kän bir belli bolmadyk täsin dünýä bilen özüne çekýär.
Çeşme: orient.tm

Häzirki wagtda Türkiýe jahankeşdeleri diňe bir ajaýyp deňiz kenarýakalary däl-de, eýsem deňiz astyndaky, kän bir belli bolmadyk täsin dünýä bilen özüne çekýär. Anatoliýa ýarymadasyny gurşaýan deňizlerde köp dürli jandarlara duşmak bolýar. Üstesine olaryň düýbi merjenden (koraldan) emele gelen belentliklerden (riflerden), köweklerden we gadymy döwürlerde deňize batan gämilerden doly. Şonuň üçin Türkiýe suwasty ýüzmegi (daýwingi) halaýanlar üçin hakyky tapyndydyr.

Kaş (Antalýa): Gyzykly dynç alyş we suw astyndaky ýadygärlikler Эгейское и Средиземное море. jpg

Kaş – daýwing üçin iň meşhur ýerleriň biri. Şäherde suwasty ýüzüşler üçin ýigrimden gowrak ýerler, şol sanda adalar, çuň çöketlikler we jülgeler bar. Şaşda köplenç dürli deňiz jandarlar – deňiz pyşbagalar, barrakudalar, skatlar hat-da akulalar –duş gelýär. Daýwerleriň ünsüni çekjek zatlaryň biri – deňze gaçan italýan harby uçary (S-47). Bu howa gämisi – Ikinji jahan urşyndan galan ýadygärlikdir.

Fethiýe (Mugla): Iki deňziň galtaşygyndaky asudalyk Эгейское и Средиземное море. jpg

Fethiýe deňizasty gözegçilere bir giden täsinlikleri hödürleýär – syrly ötükleri, wagtyň geçmegi bilen merjen bilen örtülen arkalary we ş.m. Mundan başga-da Fethiýede jahankeşdeleriň ünsüni çekjek we olara täsir etjek ýerleriň birnäçesi ýerleşýär, mysal üçin, Gyzyladanyň golaýyndaky tebigy hadysalar zerarly emele gelen sahna, Günüň şöhleleri bilen düşýän Afkule gowagy. Gowagyň içi türk hammamyny ýatladýar, ondaky howdanda arkaýyn, rahat suwa düşüp bolýar.

Bodrum (Mugla): Egeý deňziniň astynda – garaşylmadyk açyşlar Эгейское и Средиземное море. jpg

Bodrum – suwuň astyndaky täsinliklere we syrlara girelge diýseň bolar. Türkiýäniň günorta-günbataryndaky şäherde daýwing üçin ýigrimden gowrak ýerler bar. Suwasty ýüzüşde tejribe toplanlara bolsa Bodrum Gara hem-de Orak adalarynyň töweregindäki birgiden tebigy köwekleri we dik diwarlary hödürläp bilýär. Suwuň astynda bir wagt batan harby gämilerine, hat-da paraşýutly uçara duşmak bolýar. Şeýlelik-de her suwa çümüşde daýwerler ozi üçin täze, ozal nätanyş dünýäni açarlar.

Çanakkale: Taryh – Demirgazyk Egeý deňziniň astynda Эгейское и Средиземное море. jpg

Saros aýlagynyň güýçli akymlarynyň golaýynda ýerleşen Çanakkale suwasty arheologiýa bilen gyzyklanýanlar üçin tüýs diýlen ýerdir. Çanakkale daýwerlere we suwasty barlaglary halaýanlara baý taryhy we tebigy täsinlikleri hödür edip bilýär: welaýata golaý akýan suwda iki ýüzden gowrak jandarlar ýaşaýar hem-deXIX-XX asyrlarda batan köp sany gämiler ýatyr.

Эгейское и Средиземное море. jpg

Bulardan başga-da olar üçin Çanakkalede seýrek mümkinçilik bar – Gallipoliniň kenarýaka zolagyndaky suwuň astynda ýerleşýän taryhy seýilgähde Birinji jahan urşy döwründe batyp galan gämileri görmek bolar.

Эгейское и Средиземное море. jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026