HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Black Panther 2.0 roboty tizlik boýunça täze dünýä rekordyny goýdy

Iýul 07, 2025 | 14:05 |4427
Hytaýyň iň täze dört aýakly roboty Black Panther 2.0 robotlaryň arasynda täze dünýä tizligi rekordyny goýdy. Uhandaky CMG World Robot Skills Competition bäsleşiginde ol sekuntda 10,3 metr tizlik bilen hereket etdiHytaýyň iň täze dört aýakly roboty Black Panther 2.0 robotlaryň arasynda täze dünýä tizligi rekordyny goýdy. Uhandaky CMG World Robot Skills Competition bäsleşiginde ol sekuntda 10,3 metr tizlik bilen hereket etdi
Çeşme: rutab.net

Hytaýyň iň täze dört aýakly roboty Black Panther 2.0 robotlaryň arasynda täze dünýä tizligi rekordyny goýdy. Uhandaky CMG World Robot Skills Competition bäsleşiginde ol sekuntda 10,3 metr tizlik bilen hereket etdi. Bu görkeziji, Boston Dynamics kompaniýasynyň WildCat robotynyň on ýyl mundan ozal sekuntda 8,89 metr bolan öňki rekordyndan ep-esli öñe geçdi.

Black Panther 2.0 juda ýeňil we ykjam gurluşly enjam bolup, omuñ agramy 38 kilogram, beýikligi bolsa 0,63 metrdir. Şeýle täsirli tizlik derejesine ýetmek üçin inženerler birnäçe innowasion çözgütleri ulandy:

• Gýuýgens maýatnigi ýörelgesi: Ähli dört aýagyň hereketleriniñ sinhronlaşdyrylmagy bu ýörelge esasynda ýerine ýetirilip, ylgamagyň netijeliligi ýokarlandyrdy.

• Aýaklarda ýörite amortizatorly dyz bogunlary: Bu aýratynlyk gurluşa düşýän agramy peseldip, hereket wagty energiýa sarp edilişini ep-esli azaldýar.

• Uglerod süýümli plastik injikleri: Uglerod süýümli plastigiñ ulanylmagy aýaklaryň berkligini 135% ýokarlandyrdy, agramy bolsa diňe 16% artdyryldy.

• “Dyrnakly” daban: Bu gurluş ýöreýiş ýüzüniň bilen aragatnaşygyny 200% gowulandyrdy, bu bolsa ýokary tizlikli hereket üçin örän möhümdir.

Bu üstünlik Hytaýyň robototehnika ulgamyndaky çalt ösüşini we innowasion mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026