HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Çagalaryň ösüşini goldamak üçin ata-enelere kömek: Türkmenistanyň lukmanlary üçin okuwlar

Iýul 06, 2025 | 21:55 |3792
2025-nji ýylyň 3-4-nji iýulynda ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Aşgabadyň saglygy goraýyş işgärleri üçin çaganyň irki ösüşine gönükdirilen okuw seminlaryny geçirdi2025-nji ýylyň 3-4-nji iýulynda ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Aşgabadyň saglygy goraýyş işgärleri üçin çaganyň irki ösüşine gönükdirilen okuw seminlaryny geçirdi
Çeşme: ÝUNISEF

2025-nji ýylyň 3-4-nji iýulynda ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Aşgabadyň saglygy goraýyş işgärleri üçin çaganyň irki ösüşine gönükdirilen okuw seminlaryny geçirdi. Okuwlaryň maksady – lukmançylyk işgärleriniň ata-eneler bilen täsirli aragatnaşyk saklamak we hyzmatdaşlyk etmäge degişli endiklerini güýçlendirmekden ybarat boldy. Munuň arkaly ata-enelere çagalaryň idegi we terbiýesi boýunça öz wagtynda hem-de hünär taýdan goldaw bermek göz öňünde tutulýar.

Interaktiw sessiýalarda lukmanlar ata-eneler bilen hormat goýujy we goldaw beriji aragatnaşyk saklamagy öwrenip, maslahat bermek usullaryny ýola goýdular. Şeýle hem olar ata-eneleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çaganyň we ulylaryň arasynda ýüze çykýan duýgur we mähirli gatnaşyklar onuň ösüşine nähili täsir edýändigi barada hem gürrüň edildi.

06072025-trening-medrabotnikov-v-turkmenistane (2).JPG

Okuw maksatnamasy ýaş aýratynlygyna laýyk ideg, BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda çagalaryň iýmitlenmegi, çaganyň ösüşini gündelik hereketler arkaly yzarlamak ýaly esasy temalary öz içine aldy.

Şeýle-de, çaganyň dogluşyndan bäş ýaşa çenli ösüşine gözegçilik etmek üçin maşgalalara goldaw berjek ata-eneler üçin täze taýýarlanan gollanma bilen tanyşdyryldy. Lukmançylyk işgärleri ata-enelerden maglumat ýygnamak üçin olar bilen duşuşyklary geçirmegiň usullary, hem-de gollanmanyň durmuş hakykatyna we maşgalalaryň zerurlyklaryna laýyklykda uýgunlaşdyrylmagy barada pikir alyşdylar.

ÝUNISEF we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan geçirilýän şeýle okuwlar saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär hem-de Türkmenistanda her bir çaganyň ilkinji ýyllaryndan başlap sagdyn ösmegine, mähirli gurşawda ýaşamagyna hem-de onuň mümkinçilikleriniň doly açylmagyna şert döredýär.

06072025-trening-medrabotnikov-v-turkmenistane (3).JPG

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026