HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft Skype for Business SE-ni işe girizýär: hat-habar alyşmak boýunça ýerli ulgamlar üçin täze döwür

Iýul 05, 2025 | 15:10 |5051
Microsoft ýerli hat-habar alyşmak infrastrukturalaryny ulanýan kompaniýalar üçin uzak möhletleýin goldawy üpjün etmek maksady bilen Skype for Business Server Subscription Edition (SE) görnüşini hödürlediMicrosoft ýerli hat-habar alyşmak infrastrukturalaryny ulanýan kompaniýalar üçin uzak möhletleýin goldawy üpjün etmek maksady bilen Skype for Business Server Subscription Edition (SE) görnüşini hödürledi
Çeşme: habr.com

Microsoft ýerli hat-habar alyşmak infrastrukturalaryny ulanýan kompaniýalar üçin uzak möhletleýin goldawy üpjün etmek maksady bilen Skype for Business Server Subscription Edition (SE) görnüşini hödürledi. Bu çözgüt, Teams bulut platformasyna geçip bilmeýän ýa-da geçmegi meýilleşdirmeýän guramalar üçin niýetlenendir.

SE, 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda goldawy tamamlanjak Skype for Business Server 2015 we 2019 wersiýalarynyň ornuny tutýar. Täze wersiýa Modern Lifecycle Policy laýyklykda işlär, ýagny ol yzygiderli täzelenme şertinde “ömürlik ýaşap” biler. Şol bir wagtda, uly funksional täzelikler bolmaz. Microsoft dolandyryjylara SE wersiýasyna eýýäm şu wagtdan geçmegi maslahat berýär, sebäbi bu serwer 2015 ýa-da 2019 wersiýalarynyň üstünde oturdylyp bilner.

Täzelenen wersiýa Skype for Business Server 2019 bilen birmeňzeş bolup, diňe brend, wersiýa belgisi we ygtyýarnama şertnamasy boýunça tapawutlanýar. 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan soň SE wersiýasy goldanyljak ýeketäk wersiýa bolup, geljekde çykjak täzelikler öňki serwerleriň işiniñ öñüni tutar. Microsoft yzygiderli jemleýji täzelenmeleri, kämilleşdirilen gurujy (installer) we häzirki zaman howpsuzlyk düzetmelerini wada berýär.

Ýerli serwerleriň saklanylmagynyň sebäbi — häzirki wagtda Teams platformasynyň serwer görnüşiniň ýoklugydyr. Şonuň üçin, Skype for Business Server SE Microsoft-a bulut migrasiýasyny doly amala aşyrmadyk müşderilere hyzmat etmegi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026