HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan: Bagtyýar çagalyk — döwletiň ileri tutýan ugrudyr

Iýul 05, 2025 | 13:50 |5430
5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününde «Gara altyn» çagalar sagaldyş merkezinde «Tebigat - biziñ öýümiz» atly çäre geçirildi5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününde «Gara altyn» çagalar sagaldyş merkezinde «Tebigat - biziñ öýümiz» atly çäre geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda çagalaryň söýgi we mähirlilik gurşawynda ösmegi üçin ähli şertler döredilen. Döwlet olaryň dynç almagy, ýokary hilli bilim almagy, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi we giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem-de wepaly raýatlar hökmünde kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri üpjün edýär. Ýaş ösüp gelýän nesliň şeýle hemmetaraplaýyn goldanylmagy ata-enelerde, mugallymlarda we bilim ulgamynyň işgärlerinde aýratyn buýsanç duýgularyny döredýär.

Tomusky dynç alyş döwründe ýurduň ähli künjegindäki bilim edaralary çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmegi üçin dürli çäreleri gurnaýarlar. Şeýle çäreleriň biri hem — 5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni mynasybetli «Gara altyn» çagalar sagaldyş merkezinde gurnalan «Tebigat — biziň öýümiz» atly çäresi boldy. Çäräni Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki M.Geldiýew adyndaky 34-nji orta mekdebiniñ kitaphanaçysy Döndi Durdyýewa tarapyndan merkezde dynç alýan çagalar üçin gurnaldy.

Çäräniň çäklerinde mugallymar bilen türkmen tebigatynyň gözelligi, ony goramagyň möhümdigi we daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldigi barada gürrüňdeşlik geçirildi; tebigatyň gözelligini we daşky gurşawy şöhlelendirýän türkmen halk ertekileriniň esasynda surat bäsleşigi geçirildi, onuň ýeňijilerine höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy; şeýle-de çagalaryň tebigat bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklamagy üçin açyk howada gezelenç guraldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026