HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda iýul soňky ýyllaryň iň salkyn aýlarynyň biri bolup biler

Iýul 04, 2025 | 15:30 |4834
Aşgabatda şu tomus adatdan daşary ýagdaýda geçýär: iýun aýy soňky onýyllygyň iň salkyn aýy boldy we hünärmenler 2025-nji ýylyň iýulynyň hem şuňa meňzeş bolup biljekdigini aýdýarlar.Aşgabatda şu tomus adatdan daşary ýagdaýda geçýär: iýun aýy soňky onýyllygyň iň salkyn aýy boldy we hünärmenler 2025-nji ýylyň iýulynyň hem şuňa meňzeş bolup biljekdigini aýdýarlar.
Çeşme: depositphotos

Aşgabatda şu tomus adatdan daşary ýagdaýda geçýär: iýun aýy soňky onýyllygyň iň salkyn aýy boldy we hünärmenler 2025-nji ýylyň iýulynyň hem şuňa meňzeş bolup biljekdigini aýdýarlar. Iýun aýynda ortaça aýlyk temperatura 2013-nji ýyldan bäri ilkinji gezek +30°-dan pes boldy, bu bolsa soňky ýyllardaky aýratyn yssy iýun aýlary bilen kesgin tapawutlanýar.

Mysal üçin, 2015, 2020, 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda iýun aýynyň ortaça temperaturasy howa kadalaryndan ep-esli ýokarydy. 2015-nji ýylyň iýunynda diňe bir iýun üçin däl, eýsem bütin ýyllyk gözegçilik döwrüniň hem iň ýokary temperaturasy hasaba alyndy: +47,2°.

Bu ýyl ýagdaý başgaça. Adatdan daşary yssy ýaz aýlaryndan — rekord derejede yssy maýdan we soňky 134 ýylyň dowamynda ikinji iň yssy aprel aýyndan soň — iýun aýy has salkyn we howa kadalaryna golaý boldy. Aýyň birinji ýarymynda sowuk howa akymlarynyň gelmegi sebäpli birnäçe gün temperatura yzygiderli adaty derejelerden ep-esli pes boldy. Mysal üçin, 8-nji iýunda gündizki iñ ýokary temperatura bary-ýogy +19° boldy — tomsuň başynda şäher üçin örän seýrek duşýan ýagdaý.

Hünärmenleriň çaklamagyna görä, iýulda hem şuňa meňzeş howa şertleri dowam eder. Aýyň ortaça temperaturasy howa derejesiniň töwereginde (±1°) bolmagy ähtimal (+31,7°), käbir gysga wagtlaýyn yssy howanyñ bolmagy mümkin (+40°-den ýokary), ýöne uzaga çekýän ýa-da aşa yssy tolkunlara garaşylmaýar.

Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň iýuly soňky ýyllaryň iň bir aram howaly aýlarynyň biri bolup biler. Bu bolsa şu tomsuň öňki ýyllardan has salkyn boljakdygy baradaky howa hünärmenleriniñ çaklamalaryny tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 07, 2026
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026