HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we “Commerzbank AG” maliýe hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna gadam basýar

Iýul 04, 2025 | 20:05 |7164
3-nji iýulda Germaniýanyň maliýe paýtagty diýip hasaplanýan Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň GFR-daky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen “Commerzbank AG” bankyň maliýe institutlary bilen işlemek boýunça uly menejeri we direktory Andreý Kononowyň arasynda duşuşyk geçirildi3-nji iýulda Germaniýanyň maliýe paýtagty diýip hasaplanýan Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň GFR-daky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen “Commerzbank AG” bankyň maliýe institutlary bilen işlemek boýunça uly menejeri we direktory Andreý Kononowyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň GFR-daky Konsullygy tarapyndan üpjün edildi

3-nji iýulda Germaniýanyň maliýe paýtagty diýip hasaplanýan Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň GFR-daky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen “Commerzbank AG” bankyň maliýe institutlary bilen işlemek boýunça uly menejeri we direktory Andreý Kononowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bankara hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar “Commerzbank AG”-nyň Türkmenistanyň maliýe guramalary bilen uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, häzirki gatnaşyklaryň oňyn ösüşine ünsi çekdiler. Esasy temalaryň arasynda eksporty maliýeleşdirmegiň, taslamalara maliýe hyzmatyny we Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalara goldawyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Commerzbank.jpg

Taraplar şeýle hem, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açmaga ýardam berjek Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde bilelikdäki işewürlik çärelerini guramagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

“Commerzbank AG” – Germaniýanyň iň iri banklaryndan biri we Maýn boýundaky Frankfurt şäherindeştab-kwartirasy ýerleşmek bilen Ýewropada öňdebaryjy bank konsernidir. Bankyň türkmen banklary bilen hyzmatdaşlygy 1990-njy ýyllaryň ortalarynda başlandy we 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda bu maliýe edarasynyň wekilhanasy işleýär.

Commerzbank - 2.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026