HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Germaniýa «ýaşyl energetika» babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

Iýul 04, 2025 | 14:30 |5314
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Germaniýa iş saparyny amala aşyrdy. Sapar Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024-2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» atly taslamasynyň çäklerinde geçirildiTürkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Germaniýa iş saparyny amala aşyrdy. Sapar Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024-2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Germaniýa iş saparyny amala aşyrdy. Sapar Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024-2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Galle-Wittenbergdäki Martin Lýuter Uniwersitetinde rektor, professor Klaudiýa Bekker bilen duşuşyk geçirilip, onda özara düşünişmek ýagdaýynda ýokary bilim ulgamyny, ylmy hyzmatdaşlygy hem-de akademiki işi ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi.

Wekiliýet Kýotende Anhalt Amaly ylymlary Uniwersitetine hem baryp gördi. Ol ýerde Türkmenistanyň we Germaniýanyň uniwersitetleriniň arasynda akademiki we ylmy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy.

Sapar Saksoniýadaky Klaustal Tehnologiki uniwersitetinde ylmy barlaglar we innowasiýalar boýunça prorektor, professor Ýoahim Doýbener bilen geçirilen duşuşyk bilen tamamlandy. Bu duşuşykda hyzmatdaşlyk we esasy ugurlar boýunça alyş-çalyş mümkinçilikleri öwrenildi. Şol sanda maglumatlary dolandyrmak, energetika ulgamlary, ekologiýa tehnologiýalary we sanly özgertmeler barada maslahatlaşyldy.

Bu tanyşlyk sapary Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Ylmy, bilim we diplomatik toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen netijeli duşuşyklar ylym, tehnologiýa, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açyp berdi. Alnan tejribe we ýola goýlan gatnaşyklar bilelikdäki başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmäge berk esas döredýär.

Ozal biz türkmen wekiliýetiniň german uniwersitetine baryp, ýaşyl energetika babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşandygy barada habar berdik.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 07, 2026
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026