HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mugallymlary AELLCA halkara taslamasynyň çäklerinde hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdylar

Iýul 03, 2025 | 14:15 |4590
2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň on dört mugallymy iňlis dilini okatmagyň öňdebaryjy usulyýeti boýunça çaltlaşdyrylan onlaýn-okuwlaryny üstünlikli tamamladylar2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň on dört mugallymy iňlis dilini okatmagyň öňdebaryjy usulyýeti boýunça çaltlaşdyrylan onlaýn-okuwlaryny üstünlikli tamamladylar
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň on dört mugallymy iňlis dilini okatmagyň öňdebaryjy usulyýeti boýunça çaltlaşdyrylan onlaýn-okuwlaryny üstünlikli tamamladylar. Bu başlangyç Britan Geňeşiniň we Nottingem Trent Uniwersitetiniň hyzmatdaşlygy netijesinde durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada iňlis diliniň intensiw okadylmagy” (AELLCA) gerimli taslamasynyň bir bölegi boldy.

Okuwlar mugallymlaryň häzirki zaman bilim çemeleşmelerinde bilim derejesini çuňlaşdyrmak üçin işläp taýýarlandy hem-de britan uniwersitetiniň tanymal hünärmenleri Stiw Şarpyň we doktor Sem Barkliniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Maksatnamanyň esasy maksady diňe bir nazary bilimleri täzelemek däl-de, eýsem okuw prosesinde innowasion usullaryň amaly ulanyşyndan ybarat boldy.

Okuwlaryň ahyrynda gatnaşyjylar Kembrijiň synag merkeziniň halkara TKT synagyny (Teaching Knowledge Test) üstünlikli tabşyrdylar. Synagyň soňunda ähli mugallymlara olaryň ýokary hünär taýýarlygyny tassyklaýan kembrij nusgasyndaky resmi şahadatnamalar gowşuryldy.

TKT modul synaglaryndan ybarat bolan bütin dünýäde ykrar edilen şahadatnama hasaplanylýar. TKT synaglary iňlis dilini ökatmagyň dürli ugurlary boýunça çuňlaşdyrylan bilimleri bahalandyrýar. Bu gazanylan üstünlik türkmen hünärmenleriniň hünär ösüşine we halkara ykrarnamasyna bolan islegini açyp görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 07, 2026
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026