HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen Hankendide duşuşdy

Iýul 03, 2025 | 17:05 |7444
3-nji iýulda, penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň XVII sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Hankendi şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy3-nji iýulda, penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň XVII sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Hankendi şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy
Çeşme: president.az

3-nji iýulda, penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň XVII sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Hankendi şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Raşid Meredow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

turkmenistan-azerbaijan-meredov-aliev-xankendi (2).jpg

Ilham Aliýew hem öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna we doganlyk türkmen halkyna mähirli salamy we iň gowy arzuwlary beýan etdi.

Duşuşykda azerbaýjan we türkmen halklarynyň ruhy kökleriň umumylygy, taryhy we medeni däpleriň meňzeşligi bilen baglanyşýan iki doganlyk halkdygy ýene bir gezek nygtaldy. Energetika, ulag, medeni, ynsanperwer, ylym, bilim we beýleki ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşma geçirildi.

1751536468_957beec464aa2e3570077f9501f58dae.jpg

Hususan-da, Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň bolsa Türkmenistanda geçiriljekdigi bellenildi diýip, Azerbaýjanyň Lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

turkmenistan-azerbaijan-meredov-aliev-xankendi (3).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026