HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nothing kompaniýasy Nothing Phone 3 atly täze smartfonyny hödürledi

Iýul 03, 2025 | 13:36 |4413
Nothing kompaniýasy Nothing Phone 3 atly täze flagman smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Bu enjam 12 GB operatiw ýat we 256 GB içerki fleş ýat bilen başlangyç nyrhda — $800 baha bilen hödürlenýärNothing kompaniýasy Nothing Phone 3 atly täze flagman smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Bu enjam 12 GB operatiw ýat we 256 GB içerki fleş ýat bilen başlangyç nyrhda — $800 baha bilen hödürlenýär
Çeşme: Nothing

Nothing kompaniýasy Nothing Phone 3 atly täze flagman smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Bu enjam 12 GB operatiw ýat we 256 GB içerki fleş ýat bilen başlangyç nyrhda — $800 baha bilen hödürlenýär.

Nothing Phone 3 modeliniñ esasy täzeçiligi onuň dizaýnynyň üýtgedilmegidir. Smartfon 6,67 dýuým ölçegli AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylan. Ekranyň durulygy FHD+, täzelenme ýygylygy 120 Hz, iň ýokary ýagtylygy bolsa 4500 nit ýetýär. Şeýle hem bu displeý göz üçin amatly bolan 2160 Hz PWM ýagtylyk sazlaýyş tehnologiýasyny goldaýar. Öň tarapdaky kamera 50 MP durulyga eýe. Smartfonyň arka tarapynyñ ýokarky sag burçynda ýerleşýän täsin Glyph Matrix bar — bu 489 sany doidlardan düzülýän monohrom yşyklandyryjy ekrandyr. Ol habarnamalary, jaňlary we şahsy animasiýalary görkezmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa enjama aýratyn özboluşlylyk berýär.

1

Nothing Phone 3-de üç sany güýçli 50 MP kamera ýerleşdirilen: esasy kamera — 1/1,3 dýuým datçik bilen, 3 esse optiki zumly periskop teleobyektiw hem-de 114° görüş burçly ultra giň obyektiw.

Enjamyň ýüregi hökmünde Qualcomm Snapdragon 8s Gen4 prosessory saýlanypdyr. Smartfon 16 GB çenli operatiw ýat we 512 GB çenli içerki ýat bilen gelýär. Şeýle hem, ol 5150 mA·s akkumulýator bilen enjamlaşdyrylyp, 65 Wt tiz simli we 15 Wt simsiz zarýad üpjün edýär. Nothing Phone 3 IP68 derejesindäki gorag bilen üpjün edilendir. Ol Android 15 esasynda işlenip düzülen Nothing OS 3.5 ulgamynda işleýär. Ulanyjylar 5 ýyl Android täzelenmeleri we 7 ýyl howpsuzlyk täzelenmeleri bilen üpjün ediler, bu bolsa uzak möhletli goldawy berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026