HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara kazyýetleri МТС bilen bolan jedelde Türkmenistanyň hukugyny doly tassyklady

Iýul 02, 2025 | 00:07 |8037
Türkmenistan МТС bilen bagly halkara arbitraž jedellerinde doly ýeňiş gazandy – kazyýetleriň çözgüdi boýunça kompaniýa Türkmenistanyň millionlarça çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçlandyryldyTürkmenistan МТС bilen bagly halkara arbitraž jedellerinde doly ýeňiş gazandy – kazyýetleriň çözgüdi boýunça kompaniýa Türkmenistanyň millionlarça çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçlandyryldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan МТС bilen bagly halkara arbitraž jedellerinde doly ýeňiş gazandy – kazyýetleriň çözgüdi boýunça kompaniýa Türkmenistanyň millionlarça çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçlandyryldy

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezdi we “Мобильные ТелеСистемы” (МТС) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen uzak wagtlap dowam eden arbitraž işinde doly ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 1-nji iýulda bu işiň türkmen tarapynyň peýdasyna tamamlandygyny resmi taýdan habar berdi.

DIM-iň habarynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde МТС tarapyndan türkmen tarapyna garşy bildiren tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän “nägilelikleri” yzygiderli peýda bolupdy. МТС kompaniýasynyň esassyz döreden jedelli ýagdaýyny parahatçylykly, kazyýete ýetirmezden we konstruktiw ýollar arkaly çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli ykdysady we döwlet edaralary tarapyndan ähli zerur tagallalar edildi.

Muňa garamazdan, 2018-nji ýylda МТС kompaniýasy halkara arbitraž seljeriliş prosesiniň başyny başlatdy.

Netijede, Maýa goýum jedellerini kadalaşdyrmak boýunça halkara merkeziniň (ICSID) düzgünlerine laýyklykda döredilen tribunal МТС tarapyndan Türkmenistana garşy bildirilen ähli arzlary ret etdi. Mundan başga-da, tribunal МТС-e Türkmenistanyň peýdasyna 11 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde hukuk we arbitraž çykdajylarynyň öwezini dolmak borçlandyrdy.

Tribunal МТС-iň operasion şertnamasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan kanuny täjirçilik şertnamasydygyny we onuň möhletiniň şertnamanyň şertlerine laýyklykda tamamlanandygyny hem-de МТС-iň şertnamany uzaltmaga hiç hili hukugynyň ýokdugyny ýa-da kanuny garaşygynyň bolup bilmejekdigi hakynda karar etdi. Şeýle hem, tribunal Türkmenistanyň МТС-e degişlilikde hiç hili kanuna garşy gelýän hereketleri amala aşyrmandygy hakynda karar etdi we kompaniýanyň göýä bikanun diýip görkezen hereketler bilen bagly ähli beýleki arzlaryny hem ret etdi.

Tribunal tarapyndan çykarylan arbitraž çözgüdinden üç aý geçenden soň, МТС (arbitražyň geçirilen ýeri hökmünde Stokgolm şäheriniň kesgitleneni üçin) Şwesiýanyň kazyýet edaralaryna ýüzlenmek arkaly bu çözgüt boýunça şikaýat etmäge synanyşdy. Şeljermeleriň netijesinde, Swea (Şwesiýa) apellýasiýa kazyýeti 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran karary bilen МТС-iň ähli şikaýatlaryny ret etdi we Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy.

Kazyýet МТС kompaniýasyny Türkmenistanyň umumy möçberi 589 müň ýewro deň bolan çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçlandyrdy. Bu pul tribunal tarapyndan öň kabul edilen 11 million amerikan dollaryna goşmaça tölenmelidir.

Şeýle hem, Apellýasiýa kazyýetiniň karary boýunça şikaýatiň gaýtadan edilip bilinmejekdigini, “bu karar boýunça şikaýatynyň berilmegi üçin hiç hili esaslaryň ýokdugyny” kazyýetiň aç-açan beýan edendigini nygtamak gerek. Ýokarda agzalan abraýly arbitraž we kazyýet edaralarynyň çykaran kararlary, halkara ykdysady gatnaşyklaryň umumy ykrar edilen kadalaryna we düzgünlerine berk eýerýän türkmen tarapynyň hereketleriniň kanuna doly gabat gelýändigini tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026